SpaceX kompaniýasynyň habaryna görä, Crew Dragon kosmos gämisi bilen dolandyrylýan Falcon 9 raketasy Axiom söwda maksatnamasynyň çäginde Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) uçuryldy. Gämä NASA-nyň öňki astronawty we HKS-yň ilkinji zenan serkerdesi Peggy Uitson ýolbaşçylyk edýär, piloty - telekeçi Jon Şoffner, ekipažyň agzalary - Saud Arabystanynyň astronawtlary Raýan Barnawi we Ali al-Karni. Astronawtlar HKS-de sekiz günläp onuň hemişelik ekipažy bilen bilelikde işlärler. Kosmos gämisi Florida ştatynyň Kanaweral burnunda ýerleşýän Kennedi adyndaky kosmos merkeziniň 39B badalga toplumyndan şenbe güni agşam, ABŞ-nyň Gündogar kenarýakasynyň wagty bilen sagat 17:37-de uçuryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir