Ispaniýaly Rafael Nadal “Uly tuwulganyň” Roland Garros ýaryşynda çykyş etmez. Bu barada Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň saýtyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär. Ýaryşdan aýrylmagyny Nadal ozal birnäçe ýaryşy sypdyrmagyna sebäp bolan şikesi bilen düşündirdi. Ol Roland Garros-y ilkinji gezek sypdyrar, bu ýaryşda Nadal ilkinji gezek 2005-nji ýylda çykyş edipdi. 36 ýaşly türgen häzirki wagta çenli iň soňky oýnuny şu ýylyň ýanwar aýynda Australian Open-iň çäginde geçirdi, şonda ikinji tapgyrda utuldy. Nadal Roland Garros-yň häzirki we 14 gezek ýeňijisidir. Titullarynyň sany boýunça ol ýaryşyň rekord eýesidir. Onuň hasabynda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda jemi 22 titul bar. Roland Garros-2023 22-nji maýdan 11-nji iýun aralygynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir