Fransiýanyň Pariž zikgehanasy 2024-nji ýylda ýurtda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanan ýubileý teňňeleri çykardy. Bu barada edara salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. “2023-nji ýylda Parižiň zikgehanasy fransiýalylaryň 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk hereketlerine goşulyp, Frižiň (oýunlaryň resmi tumary) hem-de sportuň Olimpiýa we Paralimpiýa görnüşlerini şekillendirýän altyndan we kümüşden ýewro teňňeleriniň ýygyndysyny zikgeledi” – diýlip, zikgehananyň saýtynda aýdylýar. Ýygynda 10 ýewro nominally dokuz kümüş teňňe girýär. Bu teňňelerde Friž sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olaryň her biri 75 müň nusga tiraž bilen çykaryldy, teňňeleriň bahasy 12-14 ýewro aralygynda üýtgeýär diýlip, maglumatlarda bellenilýär. Mundan başga-da, 50 ýewro nominally we her biri 20 müň nusga tiražly iki kümüş teňňe çykaryldy. Olaryň birinde “Hemmeler gatnaşýar” sözleri bilen Friž şekillendirilen, beýlekisinde bolsa Friž Fransiýanyň baýdagyny saklaýar, onuň fonunda bolsa “Hoş geldiňiz!” diýen ýazgy bar. Olaryň bahasy 59 ýewro barabar. 250 we 500 ýewro nominally 999 probaly altyn teňňeleriň bahasy, degişlilikde, 250 we 500 ýewro barabar. Kiçi nominally teňňede Friž Parižiň fonunda Olimpiýa baýdagyny saklap dur, iň gymmat teňňede Friž Fransiýanyň taryhy nyşany bolan Mariannanyň egninde otyr. Birinji teňňe 10 müň nusga, ikinjisi 5 müň nusga bilen çykaryldy. Ýatlap geçsek, Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary 2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda başlar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir