“Mançester Sitiniň” oýunçylary Erling Holand bilen Kewin de Brýoýne Angliýanyň premýer-ligasynda (APL) möwsümiň iň gowy oýunçysy üçin baýraga dalaşgärleriň hataryna girdi. Bu barada ýaryşyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Dalaşgärleriň sanawyna Garri Keýn (“Tottenhem”), Martin Edegor (“Arsenal”), Markus Reşford (“Mançester Ýunaýted”), Bukaýo Saka (“Arsenal”) we Kiran Trippýer (“Nýukasl”) hem goşuldy. Janköýerleriň we hünärmenleriň ses bermegi netijesinde ýeňiji 27-nji maýda yglan ediler. Öň, Holand möwsümdäki gollary boýunça APL-iň rekordyny täzeledi. Onuň hasabynda 33 oýunda 36 gol bar. Norwegiýaly oýunçy 34 goldan salan angliýaly Endi Koulyň (1993/94-möwsümi) we Alan Şireriň (1994/95) üstünliklerinden geçdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir