«Mançester Siti» möhletinden öň futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy. Angliýanyň Premýer-ligasynyň 37-nji tapgyr duşuşygynda «Sitiden» 4 utuk yzda barýan «Arsenal» myhmançylykda «Nottingem Forestden» 0:1 hasabynda ýeňildi we birinji ýeren düşmek mümkinçiliginden asla mahrum boldy. «Mançester Siti» yzygider üçünji gezek we taryhynda dokuzynjy gezek ýurduň çempiony boldy. Klub Gwardiolanyň ýolbaşçylygynda trebl almak mümkinçiligini saklap galýar (bir möwsümde ýurduň çempionatynda, Kubokda we Çempionlar ligasynda ýeňiş). 3-nji iýunda Angliýanyň Kubogynyň finalynda «Mançester Siti» «Uembli» stadionynda «Mançester Ýunaýted» bilen duşuşar, 10-njy iýunda bolsa Stambulda Çempionlar ligasynyň finalynda Milanyň «Interi» bilen duşuşar. Angliýada trebl etmegi başaran ýeke-täk klub 1998/99 möwsümde «Mançester Ýunaýteddir». Gwardiola 2008/09 möwsümde «Barselona» bilen trebl etmegi başarypdy. Opta neşiriniň habar bermegine görä, 2022/23 möwsümde «Arsenal» 248 günläp ýaryş jedwelinde birinji ýeri eýeläp geldi. Bu Angliýanyň çempionatynyň jemleri boýunça ýeňiş gazanyp bilmedik topar üçin iň uzak dowam eden öňdelikdir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir