20-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda öň hiç ýerde ulanylmadyk, ýagny 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy. Bu ulgam ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýar. Bu ulgam nähili hereket edýär? 123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüz tutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we tiz kömek merkezlerine maglumat berýär we bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar. Bu bolsa, adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär. Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Bu işleriň hemmesiniň sanly ulgam arkaly dolandyrylmagy maglumatlaryň gyssagly ýetirilmegini we degişli kömegiň ýola goýulmagyny üpjün edýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň beýanydyr.