Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda esasan senagat toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary gurlar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň barşynda geçiren iş maslahatynda aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu işler ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu ýerde öndüriljek önümler ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda möhüm orun eýelär. Şeýle hem bu ýerde bina ediljek senagat desgalarynyň häzirki zamanyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow ýerli çig mallardan taýýarlanylýan önümleriň ýokary hil derejesi, berkligi we uzakmöhletleýinliligi babatda tapawutlanmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän çig mallary senagat taýdan gaýtadan işleýän önümçilik toplumyny gurmak, şäheriň jemagat hojalygynyň işini ýokary derejede guramagy üçin häzirki zaman tehnikalaryny we beýleki döwrebap enjamlary almak, olary netijeli ornaşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryndan şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna gatnaşjak ýerli gurluşyk kompaniýalaryny seçip almak bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmegi möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygyň ikinji tapgyryna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir