Fransiýanyň Konstitusiýa geňeşi aprel aýynda kabul edilen Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin emeli intellekti ulanmagy göz öňünde tutýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň başlygy Žerald Darmanen habar berdi diýip, regnum.ru belleýär. “Men 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlary baradaky, şol sanda bellenilen kepillikleri berjaý etmek bilen tejribe esasynda wideo gözegçilik şekillerini algoritmiki gaýtadan işlemek baradaky kanun taslamasyny tassyklan KG-niň kararyny goldaýaryn” – diýip, Darmanen Twitter sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Onuň aýtmagyna görä, şeýle algoritmler adaty däl we howply ýagdaýlary, şol sanda Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän wagty Parižiň köçelerinde bolup geçýän dawa-jenjelleri we wandalizm hadysalaryny ýüze çykarmaga gönükdirilendir.