Montana ştatynyň häkimiýetleri ABŞ-da ilkinji bolup TikTok sosial ulgamyny düýbünden gadagan etdiler. Degişli kanuna ştatyň gubernatory Greg Janforte gol çekdi diýip, TASS habar berýär. “Montananyň ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlaryny Hytaýyň Kommunistik partiýasyndan goramak üçin, men Montanada TikTok-y gadagan etdim” – diýip, ol Twitterde ýazdy. Ýerli kanun çykaryjy edara tarapyndan aprel aýynda kabul edilen täze kanuna laýyklykda, ştatyň çäginde TikTok mobil goşundysyny ýüklemek gadagan edilýär. Şeýlelik bilen, Apple we Google kompaniýalary öz programma dükanlarynda goşundyny ýükläp almak mümkinçiligini ýapmaly bolar, ýogsam olara jerime salnar. Gadaganlyk 1-nji ýanwardan hereket edip başlar.