Madridiň “Real” futbol klubuna ýolbaşçylyk edýän italiýaly hünärmen Karlo Ançelotti Çempionlar ligasynda geçiren oýunlarynyň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord eýesi boldy. Bu barada UEFA-nyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Mançesterde geçirilen Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna garşy jogap oýny Ançelotti üçin Çempionlar ligasynda 191-nji boldy. Italiýaly hünärmen “Mançester Ýunaýtediň” öňki baş tälimçisi jenap Aleks Fergýusondan öňe geçdi. Ançelotti Çempionlar ligasynda “Milan”, “Bawariýa”, “Çelsi”, “Ýuwentus”, “Napoli”, “Parma”, “PSŽ” we “Real” bilen işleşdi. “Milan” we “Real” bilen Ançelotti Çempionlar ligasynda iki gezekden ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir