Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Oýunlara ähli ýurtlaryň gatnaşmalydygyny belledi. Muny regnum.ru ýetirýär. “HOK-yň teklibi – ähli ýurtlaryň türgenlerine eýýäm geçirilýän saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin rugsat berilmelidir. Köp federasiýalar biziň tekliplerimizi kabul eder diýip umyt edýärin” – diýip, olimpiýa hereketiniň işgäri belledi. “Biz 206 milli komitetiň ählisiniň – HOK-yň agzalarynyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmegini isleýäris” – diýip, Bah belleýär. Onuň aýtmagyna görä, HOK tutuş dünýäniň türgenlerini birleşdirmek üçin ähli tagallalary edýär. “Olimpizm – bu parahatçylyk. Ol bölüşdirmän, birleşdirýär. Ol adalatly söweşde belentliklere ymtylmaly” – diýip, Tomas Bah sözüniň üstüni ýetirdi. 2024-nji ýyldaky Oýunlar Fransiýanyň paýtagtynda 26-njy iýundan 11-nji awgust aralygynda geçirilmeli.