Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň logotipini tanyşdyrdy. Bu barada guramanyň saýtyndaky habara salgylanyp, rsport.ria.ru belleýär. Ýaryşyň logotipinde ilkinji gezek dünýä kubogynyň hakyky keşbi, şeýle-de çempionatyň geçiriljek ýyly görkeziler. Soňrak ýaryşy kabul etjek şäherleriň 16 logotipi hödürlener. Bu çäre Los-Anjelesdäki Griffit obserwatoriýasynda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň, Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempiony Ronaldonyň, Meksikanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Horhe Kamposyň, Kanadanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Kreýg Forrestiň, ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň düzüminde iki gezek dünýä çempiony Karli Lloýdyň gatnaşmagynda geçirildi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilip, 48 topar gatnaşjak ilkinji çempionat bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir