Katarly şeýh Jassim bin Hamad Al Tani “Mançester Ýunaýtede” hukuklary satyn almak üçin täze teklip hödürledi. Ol ilkibaşdakydan has ýokarydyr. Teklip klubuň paýnamalaryny 100% satyn almagy, toparyň ähli bergilerini üzmegi, şeýle-de MÝ-nyň we jemgyýetiň zerurlyklary üçin gaznanyň döredilmegini öz içine alýar. Bu barada sports.ru habar berýär. Al Taniniň öňki teklibiniň mukdary 5 mlrd funtdan gowrak bolup, bu futbol taryhynda rekorddyr. Kluby satyn almaga işewür Jim Retkliff hem dalaş edýär. Retkliffiň paýnamalaryň 69%-ini satyn almagy meýilleşdirendigi, ýöne indi klubuň häzirki eýeleriniň onuň işine belli bir derejede täsirini saklamak üçin 50%-den gowragyny satyn almaga taýýardygy habar berildi. Gleýzerleriň maşgalasynyň toparyň geljegi barada haçan karara geljekdigi heniz belli däl. Kluby dolandyryjy Manchester United kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy sişenbe güni Nýu-Ýorkda geçirilen söwdada 4,9% ýokarlandy. Soňky 12 aýda onuň kapitallaşdyrmasy tas 46% ýokarlanyp, 3,11 mlrd dollara ýetdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir