“Pari Sen-Žermeniň” hüjümçileri Lionel Messi bilen Kilian Mbappe Fransiýanyň Professional futbolçylar birleşigi tarapyndan häzirki möwsümde Fransiýanyň çempionatynyň iň gowy oýunçysy üçin baýraga bäş dalaşgärden ybarat gysga sanawa girdi. Bu barada guramanyň resmi Twitteri habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Nominasiýada ýeňiji 28-nji maýda yglan ediler. Messiden we Mbappeden başga-da, baýraga “Lilliň” kanadaly hüjümçisi Jonatan Dewid, şeýle-de “Lansyň” iki oýunçysy –hüjümçi Losi Openda we ýarym goragçy Seko Fofana dalaş edýär. “PSŽ-niň” baş tälimçisi Kristof Galtýe tälimçiler nominasiýasynda dalaşgärleriň gysga sanawyna girizilmedi. Möwsümiň iň gowy tälimçisi baýragy ugrunda Paulu Fonseka (“Lill”), Paskal Gastýen (“Klermon”), Frank Ez (“Lans”), Filipp Montanýe (“Tuluza”) we Igor Tudor (“Marsel”) bäsleşer. “PSŽ” möwsümiň ahyryna üç tapgyr galanda fransuz Liga 1-iň jedwelinde iň ýakyn bäsdeşi “Lansdan” alty bal öňe geçip, birinji orny eýeleýär. Mbappe 26 gol geçirip, ýurduň çempionatynyň iň gowy bombardirleriniň sanawynyň başyny çekýär, Messi bolsa 15 gol geçirip, 15 netijeli geçirim edip, möwsümiň iň gowy assistenti boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir