Italiýanyň Imola şäherinde geçirilmeli “Formula-1-iň” Gran-prisi ýaramaz howa şertleri sebäpli geçirilmez. Bu barada “Patyşalyk ýaryşlarynyň” metbugat gullugyna salgylanyp, sport-interfax.ru habar berýär. “Formula-1”, FIA-nyň prezidenti, doly ygtyýarly edaralar, şol sanda degişli ministrler, Italiýanyň Awtomobil klubunyň prezidenti, Emiliýa-Romanýa sebitiniň prezidenti, şäher häkimi we promouter bilen geçirilen gepleşiklerden soň dynç günleri Imolada Gran-prini geçirmezlik kararyna gelindi” – diýlip, habarda aýdylýar. “Bu häzirki howa şertlerinde janköýerler, toparlar we işgärler üçin ýaryşy howpsuz geçirmegiň mümkin däldigi bilen baglanyşyklydyr” – diýlip, relizde bellenilýär. Habar berlişi ýaly, sebitdäki çabga suw joşmalaryna getirdi. Tapgyr bolsa 19 – 21-nji maýda geçirilmelidi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir