Toyota-nyň amerikan bölümi Tacoma kysymly awtoulagyň täze nesliniň başga bir (ähtimal, soňky) tizerini neşir etdi. Onda birbada iki sany pikap görünýär, ýöne olar guş uçar belentlikden görkezilýär, şonuň üçin ähli zady aýyl-saýyl etmek mümkin däl. Tacoma-nyň täze nesliniň ilkinji resmi çykyşy 19-njy maýda meýilleşdirilýär. Pikaplar beýikli-pesli ýerlerde surata düşürilen. Daş-töwereginden çen tutsaň, suratda Trailhunter we TRD Pro diýlip atlandyryljak owal yglan edilen wnedorožnik modofikasiýalarynyň bardygyny görkezýär. Tacoma TRD Pro iň ekstremal wersiýa bolmaly. Ak pikapyň hut şol wersiýada ýerine ýetirilendigini kapotdaky gara element görkezip dur. Birnäçe gün öň internetde syzylmak netijesinde peýda bolan pikapyň howa kabul edijisi hem hut gara reňkdedi. TRD Pro has gabaraly Tundra TRD Pro-nyň nusgasy boýunça modellenen i-Pro Max gibrid güýç gurluşyny alar diýlip garaşylýar.