Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasyny we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň düzüm bölegi bolan, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuşy, zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri bolan ýaşaýyş jaý toplumyna şäherçe derejesi berildi we oňa halypa seýis Aba Annaýewiň ady dakyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy gol çekdi. Mundan beýläk ol Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesi diýlip atlandyrylar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirer. Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň Geňeş agzalarynyň saýlawlary 2023-nji ýylyň 23-nji iýulyna, ýekşenbe gününe bellenildi.