Çarşenbe güni Özbegistanyň Merkezi saýlaw topary öz mejlisinde nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin saýlaw möwsümine başlamak kararyna geldi. "Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny bellemek baradaky kararyna, şeýle hem Saýlaw kodeksine we Özbegistan Respublikasynyň konstitusiýasyna laýyklykda Merkezi saýlaw topary prezidentiň kararyna laýyklykda möhletinden öň 9-njy iýulda geçiriljek respublikanyň prezident saýlawlary üçin saýlaw kampaniýasynyň başlanandygyny habar berýär"- diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew edaranyň YouTube kanalynda efire berilýän Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde aýtdy. 8-nji maýda Mirziýoýew möhletinden öň prezident saýlawlaryny geçirmek barada karara gol çekdi. Şerzod Asadow "Täzelenen konstitusiýanyň 128-nji maddasy bilen ýurduň prezidentine berlen ygtyýarlyklardan peýdalanyp, döwlet baştutany ikinji möhüm karara gol çekdi. Şoňa laýyklykda, biziň ýurdumyzda prezident saýlawlary möhletinden öň geçiriler" – diýip, respublikanyň prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadow Telegram-kanalda ýazdy. Ozal Mirziýoýew möhletinden öň saýlawlary geçirmäge rugsat berýän kanuna gol çekipdi.