Ýapon awtoulag öndürijisi Toyota Motor-yň 2022-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň martynda tamamlandy) satuwy 37,15 trillion ýen (takmynan 275 milliard dollar) boldy. Bu kompaniýanyň çarşenbe güni çap eden statistikasynda görkezilýär. Bilermenler ýokary görkezijileriň esasy sebäpleriniň satylan awtoulaglaryň sanynyň dikeldilmegi we iri eksportçylar üçin bähbitli bolan ýeniň dowamly gowşamagynyň bolandygyny aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde Toyota Motor-yň 2022-nji maliýe ýylynda arassa girdejisi, çig mal çykdajylarynyň ýokarlanmagy sebäpli, öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 14 göterim azaldy we 2,45 trillion iýen (takmynan 18,1 milliard dollar) boldy. Awtoulag ägirdiniň ýolbaşçylygynda habar berlişi ýaly, kompaniýanyň öňümizdäki ýyllar üçin meýilnamasynda 2026-njy ýyla çenli elektromobiliň on sany täze modelini çykarmak göz öňünde tutulýar. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli Ýewropada we 2035-nji ýyla çenli Hytaýda diňe elektrik hem-de gibrid ulaglary satmagy meýilleşdirýär.