Tencent telekommunikasiýa kompaniýasy Hytaýda dünýädäki iň uly maglumat merkeziniň gurluşygyny tamamlady. Bu barada çarşenbe güni "Izaý global" maglumat çeşmesi habar berdi. Öňdebaryjy emeli aňyň hasaplaýyş merkezi diýlip atlandyrylýan desga Şanhaýyň Sunszýan etrabynda ýerleşer. Bu taslama Tencent tarapyndan etrap häkimligi bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Taslamanyň operatorynyň başlygynyň orunbasary Wan Çžisiniň sözlerine görä, şu güne çenli 10,000 serweri bolan dört bina guruldy. Ähli işler tamamlanandan soň desgada 800 müň serwer gurulmalydyr. Desganyň işe girizilmeli senesi entek kesgitlenmedi. Merkez, hususan-da, bulut hasaplaýyş ulgamyndaky maglumatlary gaýtadan işlemek, gyssagly habarlaşma hyzmatlaryny amala aşyrmak, şeýle hem saglyk ätiýaçlandyryşy bilen baglanyşykly işler bilen meşgullanar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir