Autohome çeşmesiniň maglumatyna görä, maý aýynyň ortalarynda Hytaýda täzelenen Toyota Corolla sedanynyň satuwy başlar. Täze modeliň daşky görnüşi ýa-da içerki dizaýny taýdan öňküsinden tapawutlanmaz. Ähli täzelikler kapotyň aşagynda jemlener: awtoulag bäşinji nesil THS II gibrid elektrik gurluşyny alar. Ol Atkinsonyň ykdysadyýet siklinde işleýän 1.8 litrlik benzin hereketlendirijisine esaslanar. Tigirlere tork eCVT transmissiýasy arkaly geçiriler. Elektrik gurluşynyň kuwwaty 137 at güýji, 100 km üçin ortaça 4.07 ýangyç sarp ediler. Ýöne şeýle elektrik gurluşy diňe ýokarky wersiýada bolar, has ýönekeý sedan görnüşleri 1,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisini we 1,2 litrlik turbo hereketlendirijini alar. Täze Corolla sürüjilere kämilleşdirilen kömek ulgamlaryny alar. Bahalar eýýäm yglan edildi – 16,5-den müň dollardan 21,5 müň dollara çenli. Awtoulag FAW Toyota bilelikdäki kärhanasynda öndürilýär.