Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» futbol klubunyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messi Laureus World Sports Academy-iň (“Laureus” Dünýä sport akademiýasy) wersiýasyna görä, 2022-nji ýylyň iň gowy türgenine diýen baýragy aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy duşenbe güni geçirildi diýip, TASS habar berýär. Messi 2022-nji ýylda karýerasynda ilkinji gezek dünýä çempiony boldy we Katardaky ýaryşyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Baýrak ugrundaky göreşde argentinaly hüjümçi kärdeşi fransuz Kilian Mbappeden, Formula 1-iň iki gezek çempiony niderlandly Maks Werstappenden, şwesiýaly Armand Dýuplantisden, ispaniýaly tennisçi Rafael Nadaldan we “Golden Steýt”-iň amerikaly basketbolçysy Stefen Karriden öňe geçdi. Ýamaýkaly ylgawçy, üç gezek Olimpiýa çempiony Şelli-Enn Freýzer-Praýs ýylyň iň gowy zenan türgeni diýlip ykrar edildi. 2022-nji ýylda türgen 100 metr aralyga ylgamakda ýeňip, onunjy gezek dünýä çempiony boldy. 2022-nji ýylda ABŞ-yň Açyk çempionatynda ýeňiji bolan ispan tennisçisi Karlos Alkaras “ýylyň iň ökdesi” nominasiýasynda ýeňiji boldy. Paralimpiýa oýunlarynyň iň oňat türgeni şweýsariýaly ylgawçy Katrin Debrunner boldy. 2022-nji ýylda ol Berlin marafonynda ýeňiş gazandy. “Laureus” baýragy 1999-njy ýylda birnäçe umumy hyzmatdaşlaryň - işewürlik dünýäsinde belli kompaniýalaryň gatnaşmagynda halkara gaznalar tarapyndan döredildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir