Turiniň «Ýuwentus» futbol kluby maliýe galplygy sebäpli dokuz utukdan mahrum edilip bilner. Bu barada Futbol Italia habar berýär diýip, gazeta.ru ýazýar. Galp kapital girdejisi hakyndaky iş boýunça 15-nji ýanwarda «Ýuwentusdan» 15 utuk aýrylandygyny ýatladýarys. Aprel aýynyň ahyrynda CONI kepillik geňeşi “Ýuwe”-niň arzasyny bölekleýin kanagatlandyrmak we kazyýet işine garamak üçin ony ýokary kazyýete ibermek kararyna geldi. "Garry sinýora" 15 utugyny wagtlaýyn yzyna gaýtardylar. Şeýlelikde, topar indi 66 utuk toplap, ikinji ýerde durýar. Indi CONI kepillik geňeşi täze subutnamalaryň netijesinde kazyýet işini açmak niýetini görkezýän resminamalary çap etdi. Hususan-da, diňleýiş materiallary göz öňünde tutulýar. Prokuroryň başda talap edişi ýaly, Turin klubundan 15 utuk däl-de, dokuz utuk aýrylar diýlip çaklanylýar. “Ýuwentus” şeýle karara gelinse, oňa garşy çykar. Eger kazyýet işi uzaga çekse, turinlilerden utuklary eýýäm indiki möwsümde alyp bilerler