Electronics Hub barlagy Samsung-yň smartfonlarynyň aňsat abatlanyşy boýunça geçen ýyl Apple-den öňe geçendigini görkezdi. Ykjam enjamlary sökmäge we olaryň ömrüniň dowamlylygyna baha bermäge ýöriteleşen iFixit kompaniýasyndan maglumatlar alyndy. 2022-nji ýylyň Samsung Galaxy enjamlaryny beýlekilerden bejermek has aňsat. Galaxy S22 Ultra abatlaýyşa ýaramlylygy boýunça üçünji orunda durýar, ondan öňde diňe Galaxy A40 (2019) we Moto G7 bar. Galaxy A40 -yň ortaça abatlanyş wagty 32,6 minut we bu telefonlary bejermek aňsat hasaplanýar. Galaxy S22 Ultra-ny abatlamak ortaça 48,1 minut wagt alýar, abatlaýyş işleriniň 33,3 göterimi aňsat hasaplanýar. Iň kyn zat Google Pixel 7-ni özbaşdak düzetmek, amal 60,3 minut dowam edýär. Galaxy Note 10-ny hem özbaşdak düzedip bolmaýar, sebäbi oňa 58,4 minut gerek bolup biler we ony bejermek boýunça görkezmeleri ýerine ýetirmek kyn diýip hasaplanýar. Samsung 2013-nji we 2014-nji ýyllarda enjamlary bejermekde öňdebaryjy boldy, soňra Google, Motorola, Apple we Xiaomi ýaly bäsdeşlerinden pese düşdi. Indi kompaniýa bu ugurda öňdebaryjylygyny gaýtadan dikeltdi. Bu ýylky Galaxy S23 flagmanlarynyň hem abatlaýyşa ýaramlylygy gowy. Hususan-da, batareýalar aňsatlyk bilen aýrylýar.