Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygynda «Interiň» futbolçylary 2:0 hasabynda «Milandan» üstün çykdylar. Duşuşyk çarşenbe güni geçirildi. Duşuşykda gollary Edin Jeko (8-nji minut) we Genrih Mhitarýan (11) geçirdi. "Inter" bilen "Milanyň" ikisi hem öz meýdançalaryndaky duşuşyklaryny şol bir stadionda — «San Siroda» geçirýär. Jogap duşuşygy 16-njy maýda geçiriler. Bu iki jübüdiň ýeňijisi finalda «Real» — «Mançester Siti» jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir