Meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde professional boksçylaryň arasynda absolýut dünýä çempiony diýen adyny gorady. TASS agentiginiň habar bermegine görä, ol ýekşenbe güni Sapopanda (Meksika) geçirilen 12 raundly söweşde eminleriň biragdan karary bilen angliýaly Jon Raýderi ýeňdi. 32 ýaşly Alwares 2011-nji ýylyň noýabr aýynda amerikaly boksçy Kaleb Plantdan üstün çykmagy netijesinde gazanan absolýut dünýä çempiony diýen adyny ikinji gezek gorady. Şonda ol Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Bütindünýä boks birleşiginiň (WBA) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony diýen atlaryny gorady we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) guşagyny aldy. Öňki gezekki söweşde Alwares russiýaly türgen Dmitriý Biwoldan ýeňildi we 79,38 kilograma çenli agram derejesinde WBA-niň dünýä çempiony guşagyny alyp bilmedi. Öňki söweşde bolsa gazagystanly Gennadiý Golowkini ýeňdi we 76,2 kilograma çenli agramda ilkinji gezek dünýä çempiony diýen ady gorady. Indi meksikalynyň hasabynda 59 ýeňiş (39 nokaut bilen), 2 ýeňliş we 2 deňlik bar. Alwaresiň indiki söweşi şu güýzde Biwola garşy bolup biler. Ondan öň meksikaly türgen 69,9 kg-a çenli agram derejesinde iki, 72,6 kg-a çenli agram derejesinde bolsa üç sany abraýly wersiýa boýunça dünýä çempiony atlaryna eýe bolupdy. Umuman alanyňda, ol dört agram derejesinde - 69,9 kg-a, 72,6 kg-a, 76,2 kg-a we 79,38 kg-a çenli agram derejesinde dünýä çempiony boldy.