Lýudowit Odor Slowakiýanyň täze premýer-ministri wezipesine bellener. Bu barada ýekşenbe güni respublikanyň prezidenti Zuzana Çaputowa gyssagly brifingde habar berdi. Ol: "Täze premýer-ministr hökmünde Slowakiýanyň Milli bankynyň başlygynyň (häzirki) orunbasary Lýudowit Odor bellener" - diýdi. Ondan öň premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Eduard Heger işinden aýryljakdygyny mälim edipdi. Kanuna laýyklykda, onuň bilen birlikde ähli kabineti hem işinden aýrylýar. Çaputowa ýene bir hepdeden syýasy partiýalar tarapyndan hödürlenmedik işgärlerden ybarat hökümeti düzüp başlajakdygyny aýtdy. Prezident eýýäm täze ministrleriň sanawyny düzdi, ýöne häzirlikçe neşir etmekden saklanar. Ministrler kabineti resmi taýdan döredilýänçä, onuň wezipelerini Hegeriň hökümeti ýerine ýetirer.