Özbegistanda möhletinden öň Prezident saýlawlary 9-njy iýulda geçiriler. Bu barada duşenbe güni Özbegistanyň döwlet Baştutanynyň metbugat sekretary Şerzod Asadow habar berdi. "Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň karary bilen möhletinden öň Prezident saýlawlary 2023-nji ýylyň 9-njy iýulyna bellenildi", - diýip, ol öz Telegram kanalynda ýazdy. Möhletinden öň Prezident saýlawlaryny geçirmek barada Şawkat Mirziýoýew 8-nji maýda Mejlisiň palatalarynyň, Kazyýet edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçylary bilen referendumyň netijelerine bagyşlap geçiren duşuşygynda habar berdi. Ýatlatsak, 6-njy maýda ýurduň Saýlaw kodeksine möhletinden öň Prezident saýlawlaryna degişli üýtgeşmeler girizildi. Prezident tarapyndan möhletinden öň Prezident saýlawlary yglan edilen ýagdaýynda saýlawlar iki aýyň dowamynda geçirilmelidir.