Sankt-Peterburgyň «Zenit» kluby Mir-Russiýanyň premýer ligasynyň (RPL) 26-njy tapgyr duşuşygynda öz meýdançasynda Moskwanyň «Spartagyny» 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy. Duşuşyk ýekşenbe güni «Gazprom-Arenada» geçirildi. «Zenitiň» düzüminde gollary Klaudinýo (13-nji minut), Andreý Mostowoý (39) we Iwan Sergeýew (90+1) geçirdi. «Spartakdan» Keýta Balde (33) we Kwinsi Promes (85, pen.) geçirdi. «Zenit» 26 tapgyrdan soň, 64 utuk toplap, ikinji ýerde barýan SSKA-dan arany ýetip bolmajak derejede açdy. Netijede, peterburgly klub yzygider bäşinji gezek Russiýanyň çempiony adyny aldy. Umumylykda klubda ýurduň birinjiliginde dokuz ýeňiş bar (2007, 2010, 2012, 2015, 2019, 2020, 2021, 2022, 2023). 1984-nji ýylda klub SSSR-iň çempionatynda ýeke-täk ýeňşini gazandy. Çempionlyk babatda rekord eýesi «Spartakdyr» (10 ýeňiş). SSKA — 6 gezek, «Lokomotiw» — 3 gezek, «Rubin» — 2 gezek, «Alaniýa» — 1 gezek ýeňiş gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir