HHR duşenbe güni Ýere üstünlikli gaýdyp gelen kosmiki gäminiň synaglaryny geçirdi. Bu barada Hytaýyň Aerokosmiki ylym we tehnologiýa korporasiýasy (CASC) habar berdi diýip, TASS ýazýar. WeChat sosial ulgamynyň sahypasynda çap edilen beýanatda görkezilişi ýaly, Hytaýyň demirgazygyndaky Szýusýuan kosmodromyndan uçurylan kosmos gämisi orbitada 276 gün boldy. Onda: "Bu synag üstünlikli geçdi" diýilýär. CASC-yň teswirine görä, taslama "hytaýyň aerokosmiki tehnologiýa pudagyndaky esasy tehnologiki açyşyny görkezýär". Onda: "Kosmos giňişligini parahatçylykly özleşdirmek üçin şunuň ýaly has amatly we tygşytly usuly ulanmak mümkin" –diýip nygtalýar.