Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III şenbe güni Londondaky Westminster abbatlygynda täç geýdi. Iki sagatlyk dowam eden dabarada Angliýanyň Buthanasynyň ruhanysy, Kenterberiý arhiepiskopy Jastin Uelbi hökümdaryň başyna keramatly Eduardyň täjini geýdirdi. Bu barada TASS habar berýär. Ol XVII asyrda arassa altyndan ýasaldy, onuň agramy 2,2 kg bolup, 400-den gowrak gymmat bahaly daşlar bilen bezelendir. Täç Londonyň Tauer galasynda garawullar tarapyndan dyngysyz ýagdaýda goralyp saklanýar. Ony Karl II-den (1630-1685) başlap, ähli britaniýaly monarhlar üçin täç geýdiriş dabaralarynda ulanyldy. Täji monarhyň kellesine geýdirip, Kenterberiý arhiepiskopy “Eý Allatagalla, patyşany öz penaňda sakla” sözlerini aýtdy, ony abbatlykdaky 2,2 müň myhmanyň ählisi gaýtalady. Täç geýdiriş dabarasynyň şanyna ýurtda artilleriýa salýuty başlandy. Ony patyşalygyň 13 dürli nokadyndan 400-den gowrak harby gullukçy alyp barýar. Dabara tagta oturtmak bilen tamamlanýar. Monarh täç geýdirilýän kürsiden turup, onuň ýanynda goýlan tagta geçýär we wepalylyk kasamyny kabul edýär. Dabarada monarhyň aýaly şa aýaly Kamilla hem täç geýdirildi we tagta çykaryldy. Ol indi “konsort” goşundysy bolmazdan, diňe şa aýaly diýlip atlandyrylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir