Apple kompaniýasy ikinji maliýe çärýeginde girdejisini 3% azaltdy, ýöne görkeziji hünärmenleriň çaklamasyndan ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, 1-nji aprelde tamamlanan çärýegiň jemi boýunça onuň girdejisi geçen maliýe ýylynyň degişli döwründäki 97,3 mlrd dollar bilen deňeşdirilende, 94,8 mlrd dollar boldy. Hünärmenler görkezijiniň 92,9 mlrd dollar bolmagyny çaklapdylar. Geçen çärýek arassa girdeji bir ýyl ozalky 25 mlrd dollardan 24,2 mlrd dollara çenli azaldy. Kompaniýanyň iPhone satuwyndan alan çärýek girdejisi 1,5% ýokarlanyp, 51,33 mlrd dollara ýetdi. Mac kompýuterleriniň satuwyndan gazanylan girdeji 31%, 7,17 mlrd dollara çenli pese gaçdy, iPad satuwyndan alnan girdeji 6,67 mlrd dollar boldy, görkeziji ýyllyk hasabynda 13% peselip, bazar çaklamasy bilen gabat geldi. Hyzmat girdejisi (App Store, Apple Music, Apple Pay we iCloud) 5,5% ýokarlanyp, 20,91 mlrd dollara ýetdi. Dakylýan gurluşlaryň we aksessuarlaryň satuwyndan alnan girdeji üýtgemedi diýen ýaly, ol 8,76 mlrd dollara barabar boldy. Ikinji maliýe çärýeginde kompaniýanyň Hytaýdaky (Gonkongy we Taýwany goşmak bilen) satuwy 3%, 17,81 mlrd dollara çenli azaldy. Demirgazyk we Günorta Amerikada girdeji 7,6%, 37,78 mlrd dollara çenli azaldy, Ýewropada 2,8%, 23,95 mlrd dollara çenli, Ýaponiýada 15%, 8,12 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 27,6% ýokarlanyp, 2,65 trln dollara barabar boldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir