Şu gün, 6-njy maýda Londonda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy. Günüň birinji ýarymynda döwlet Baştutany çäräniň geçýän ýerine -- Westminster Abbatlygynyň ýanynda ýerleşýän we diňe bir Londonyň iň iri buthanasy bolman, eýsem, ýurduň döwlet durmuşynyň hem merkezi bolan «Church House» maslahatlar merkezine ugrady. Däp bolşy ýaly, Täç geýdirmek dabarasy Westminster Abbatlygynda geçirildi. Beýik Britaniýa öz Patyşalaryna Täç geýdirýän Ýewropada ýeke-täk ýurtdur. Täç geýdirmek dabarasynda patyşa häkimiýetiniň nyşanlary bolan Täje we skipetre aýratyn orun degişlidir. Olaryň her biri Patyşanyň eýeleýän ornunyň we onuň borçlarynyň aýratyn ugurlaryny alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, Britan Patyşalaryna Täç geýdirmek däbi 1000 ýyldan gowrak bäri dowam edýär. Ilkinji Täç geýdirmek dabarasy 1066-njy ýylda boldy. Täç geýdirmek dabarasy buthana dabarasy bolup, onda Beýik Britaniýanyň Patyşasyna ýa-da Şazenanyna resmi taýdan Täç geýdirilýär. Täç geýdirmek dabarasyndan öňürti, Londonyň Sent-Jeýms köşgünde tagty miras almak boýunça Geňeş ady bilen belli bolan dabara edarasynyň öňünde Patyşa hukuk taýdan yglan edilýär. Bu çäräniň esasy bölekleri müň ýylyň dowamynda üýtgemedi diýen ýalydyr. Şu gezekki resmi çäre bellenen wagtda Bukingem köşgünden Westminster Abbatlygyna çenli dabaraly ýöriş bilen başlady. Dabaranyň dowamynda täze Britan Patyşasy “halka” tanyşdyryldy. Kenterberi arhiýepiskopy Karl III-ni Patyşa diýip yglan etdi we bu ýere ýygnananlardan ony sarpalamagy we oňa wepaly gulluk etmäge wada bermegi haýyş etdi. Patyşa kasamy ýerine ýetirilenden soňra, arhiýepiskop iňlis buthanasynyň baştutany hökmünde Patyşanyň derejesini alamatlandyrýan däbi ýerine ýetirdi. Soňra Britan Patyşasyna Patyşa Häkimiýetiniň nyşanlary gowşuryldy. Soňra arhiýepiskop Patyşa Karl III Mukaddes Eduardyň Täjini geýdirdi. Patyşa Karl III-ä wepalylyk baradaky kasam aýdylandan soňra, Şazenan Kamillany tagta oturtmak dabarasy boldy. Soňra Patyşa we onuň Şazenan maşgalasy Bukingem Köşgüne ugradylar. Täç geýdirmek dabarasy tamamlanandan soňra, Serdar Berdimuhamedow «The Biltmore Mayfair» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna ugrady. Günüň ikinji ýarymynda Serdar Berdimuhamedow Birmingem şäheriniň halkara howa menzilinden ýurdumyza ugrady.