ABŞ-ly alymlar heniz dogulmadyk çaganyň beýnisinde ilkinji operasiýany amala aşyrdylar, bu çaga göwredekä damarlaryň ösüşinde giň ýaýran kemçiliklerinden biri bolan Galeniň wenasynyň anewrizmasy näsazlygynyň beterleşmeginiň öňüni aldy. Bu barada penşenbe güni Amerikanyň ýüregi öwrenmek birleşiginiň (ANA) metbugat gullugy habar berdi. "Biz çaganyň beýnisinde Galeniň wenasynyň kadaly işini dikeltmek üçin ultrases embolizasiýasyny ulandyk. Kliniki synagyň bu böleginiň şowly bolandygyny görüp, begendik — häzirki wagtda doglanyna alty hepde bolan çaga kadaly ösýär, iýmitlenýär we agramyny alýar" - diýip, ANA metbugat gullugy Garward uniwersitetiniň (ABŞ) dosenti Darren Orbah-yň sözlerini getirýär. Galeniň wenasynyň anewrizmasy täze doglan bäbekleriň we dogulmadyk çagalaryň beýnisinde iň köp ýaýran we ölüm howply damar kemçiliklerinden biridir. Kelläniň iň uly gan damarlaryndan biri bolan Galeniň wenasyna birikdirilen arteriýalarda damar anomaliýasynyň peýda bolmagy netijesinde ýüze çykýar. Bu kemçilikler çaga doglandan soň ýüregine düşýän agramy agyrlaşdyrýar, netijede şeýle ösüş kemçiligi bolan bäbekleriň 50-70%-i ömrüniň ilkinji aýlarynda ýogalýar.