Saud Arabystanynyň "Al-Hilýal" kluby "PSŽ" fransuz toparynyň hüjümçisi Lionel Messä resmi teklip iberdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Şeýle-de, Messiniň "PSŽ" bilen türgenleşiklerden çetleşdirilmeginiň diňe bir onuň Saud Arabystanyna gitmegi bilen däl-de, eýsem argentinaly oýunçynyň "PSŽ-niň" taslamasyny tankytlandygy we klubda indiki möwsümde anyk galmajakdygyny aýdandygy bilen baglanyşyklydygy bellenilýär. 2021-nji ýylyň awgust aýynda Messi "PSŽ" toparyna geçdi. Onuň klub bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň iýunyna çenli niýetlenen. HBS-de dünýä çempionynyň MLS ýa-da Saud Arabystanynyň klublarynyň birine geçip biljekdigi barada-da habar berlipdi. Şeýle-de, eýýäm birnäçe wagt bäri Lionel Messiniň "Barselona" dolanjakdygy barada maglumatlar peýda bolýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir