Lissabonyň şäher geňeşi Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Kriştianu Ronalduny hormatly baýrak bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Ronalduny Lissabonyň hormatly medaly bilen sylaglamak karary şäher geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Futbolçy şäheriň abraýyny bütin dünýäde ýaýradandygy üçin bu baýraga mynasyp bolar. Ronaldu "Altyn topuň" bäş gezek eýesidir. Ol karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň "Sporting", Angliýanyň "Mançester Ýunaýted", Ispaniýanyň "Real" we Italiýanyň "Ýuwentus" toparlarynda oýnady. Hüjümçi 2022-nji ýylyň ahyrynda "Al-Nasra" geçdi. Dürli ýaryşlarda klub üçin gatnaşan 15 oýnunda oýunçy 12 gol geçirip, iki netijeli geçirim etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir