2023-nji ýylyň I çärýeginde Ford Motor awtoöndürijisi arassa girdeji aldy, onuň girdejisi we düzedilen girdeji bolsa bazar çaklamasyndan ep-esli ýokary boldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. Ýanwar – mart aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 3,1 mlrd dollar ýa-da paý hasabynda 78 sent ýitgi bilen deňeşdirilende, 1,8 mlrd dollar ýa-da paý hasabynda 44 sent boldy. Her paý üçin düzedilen girdeji 63 sent boldy. Kompaniýanyň girdejisi 20% ýokarlanyp, 41,5 mlrd dollara ýetdi. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler 34,5 mlrd dollar girdejide düzedilen girdejiniň ortaça paý üçin 38 sent derejesinde bolmagyny çaklapdylar. Ford häzirki ýyl üçin düzedilen EBIT çaklamasynyň 9-11 mlrd dollar derejesindedigini tassyklady. Düzedilen erkin pul akymynyň 6 mlrd dollar töweregi bolmagyna garaşylýar. Habar berlişi ýaly, Ford maliýe netijelerini aýan etmegiň täze modeline geçdi we indi sanlary sebitler boýunça däl-de, segmentler boýunça bölüp görkezýär. Adaty awtomobiller (Ford Blue) segmentinde EBIT görkezijisi iki esse, 2,62 mlrd dollara çenli, täjirçilik awtomobiller (Ford Pro) segmentinde bir ýarym esse, 1,37 mlrd dollara çenli ýokarlandy, elektromobiller (Ford Model e) segmentinde bolsa ýitgi iki esseden gowrak ýokarlanyp, 722 mln dollara ýetdi.