Apple we Google kompaniýalary AirTag görnüşli trekerleriň kömegi bilen adamlary yzarlamaga garşy göreşde kömek etjek täze howpsuzlyk standartyny bilelikde işläp düzýändiklerini mälim etdiler. Bu barada Apple-iň resmi saýtynda habar berilýär diýip, Trend belleýär. Täze howpsuzlyk standarty AirTag, Galaxy SmartTag ýaly gurluşlar üçin ulanylar. Bu başlangyjy goldaýan kompaniýalaryň arasynda Samsung, Tile, Chipolo, Eufy Security we Pebblebee bar. Standart 2023-nji ýylyň ahyryna çenli işlenip düzüler we iOS-a hem-de Andorid-e giriziler diýlip meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda iPhone smartfonlary golaýda başga AirTag-laryň bardygyny habar berýär, Android üçin bolsa Apple ulanyjylaryň töwereginde AirTag-yň bardygyny anyklaýan ýörite programmany çykardy. Akylly trekerler ençeme gezek adamlary bikanun yzarlamak üçin ulanyldy. Internet torunda yzarlaýjylaryň trekerleri öz pidalarynyň sumkalarynda ýa-da ulaglarynda gizlän ýagdaýlarynyň bolandygy barada habarlar ýaýrady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir