Amerikaly aktýor Maýkl Duglas 76-njy Kann kinofestiwalynyň hormatly “Altyn palma şahasy” bilen sylaglanar diýip, festiwalyň guramaçylary habar berdi. Muny interfax.ru ýetirýär. “Maýkl Duglas özüniň ajaýyp karýerasy, şeýle-de kinematografa gatnaşandygy üçin 76-njy Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasyny” alar” – diýlip, festiwalyň habarynda aýdylýar. Baýrak aktýora 16-njy maýda boljak açylyş dabarasynda gowşurylar. Mundan başga-da, festiwalyň dowamynda “Maýkl Duglas, ýoluny urduryp, yzyny tapan ogul” ady bilen öň çykarylmadyk dokumental film görkeziler. Maýkl Krik Duglas – amerikaly aktýor we prodýuser. Ol iki “Oskar”, alty “Altyn globus” baýragynyň, şeýle-de “Emmi” baýragynyň eýesidir. Şu ýyl Kann kinofestiwaly 16-njy maýdan 27-nji maý aralygynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir