Režisýor Kristofer Makkuorri sosial sahypalarynda «Ýerine ýetirip bolmajak missiýa» franşizasynyň ýedinji bölüminiň surata düşürmek işleriniň doly derejede tamamlanandygyny habar berdi. «Çuňňur minnetdarlyk hem çäksiz hoşallyk bilen diňe bir size däl, eýsem, siziň maşgalaňyzdyr ýakynlaryňyza bagt hem mynasyp dynç alyş arzuw edýärin» diýip, Makkuorri surata düşürmek işine gatnaşanlara post bagyşlapdyr. «Jan alyjylykly hasaplaşyk. I bölüm» adyny alan film iýul aýynda halkara prokatyna çykar. Surata düşürmek işleri 2020-nji ýylda başlandy, emma kowid zerarly ençeme gezek yza süýşürildi. Filmde Itan Hantyň roluna Tom Kruz dolanyp barar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir