HHR-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Hytaýa barýan Türkmenistanyň raýatlaryna COVID-19-a PZR-testiniň ýerine antigenlere test tabşyrmaga rugsat edilendigini habar berdi. Bu täzelik 29-njy aprelden güýje girdi diýip, ilçihananyň resmi saýtynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, bu epidemiki ýagdaýyň üýtgemegi bilen we ýolagçylaryň rahatlygy üçin edildi. 29-njy aprelden başlap ýolagçy uçara münmegine 48 sagat galanda testden geçmeli, ondan soňra mobil goşundy arkaly ýa-da hytaý gümrükhanasynyň saýty arkaly testiň netijelerini ýüklemeli. «Tersin netije alnandan soňra «Hytaýa gireniňde/çykanyňda saglyk ýagdaýy hakyndaky deklarasiýanyň kartasyny» doldurmaly we ony WeChat Customs Pocket Declaration kiçi-programmanyň üsti bilen, China Customs mobil goşundysy arkaly ýa-da chinaport.gov.cn saýtynda deklarirlemeli» - diýlip, habarda aýdylýar. PZR-test ýa-da COVID-19 antigenleriň testi— bu ýokanjy barlamagyň iki dürli usulydyr. PZR-testiň anyklygy ýokarydyr (100% golaý), ýöne ol ýörite enjamlary we ýokary derejeli hünärmenleri talap edýär, şeýle hem uzak wagt alýar (12 sagatdan bäş güne çenli). Öz gezeginde, antigenleriň testi o diýen anyk däldir (58%-den 72% çenli), ýöne tizliginde artykmaçlyga eýedir (5 minutdan 30 minuda çenli), ol barlaghanasyz geçirilip bilinýär we bahasy arzandyr.