Türkiýe Türkmenistandan talyplara berilýän kwotalary her ýylda 100-150-ä çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada Orient agentligi Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Daşary ýurtdaky watandaşlaryň we arkadaş jemgyýetleriň işleri boýunça baş müdirliginiň Başlygy Abdullah Erene salgylanyp habar berdi. «Biz türkmen talyplary üçin kwotalaryň sanyny her ýylda 100-150-ä çenli artdyrmagy meýilleşdirýäris» - diýip, ol beýan etdi we eýýäm iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda gepleşikleriň geçirilendigini belledi. Şu ýyl 50-ä golaý türkmenistanly Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde tölegsiz okamak üçin stipendiýa alarlar. Abdullah Eren kwotalar barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça işi iňjeňleşdirmegiň gerekdigini nygtady we bu meselede türkmen kärdeşlerini goldaw bermäge çagyrdy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir