Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino resmi sapar bilen Täjigistanyň paýtagty Duşenbä bardy. Bu barada sişenbe güni Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi. FIFA-nyň başlygy täjigistanly kärdeşleri bilen duşuşdy we respublikada futbolyň ösüşi barada pikir alşar. Infantino Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen hem duşuşyk geçirdi. "FIFA-nyň prezidenti Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) sekizinji kongresine gatnaşdy" - diýip, metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar. Infantino Täjigistana saparyndan soň Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna barar. 3-nji maýda Gazagystana, 4-nji maýda Türkmenistana, 5-nji maýda bolsa Gyrgyzystana barar diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir