Ýaponiýada altynyň bahasy, maýa goýujylaryň bu aktiwe bolan gyzyklanmasynyň artmagy bilen, taryhdaky iň ýokary çägini ýene bir gezek täzeledi. Sişenbe güni söwdalaşyklaryň maglumatlary muňa şaýatlyk edýär diýip, TASS habar berýär. Ýurtda gymmat bahaly metallary öndürýän we satýan iri kompaniýalaryň biri bolan Tanaka Kikinzoku 1 gram altynyň bölek satuwynyň bahasy 9 680 ýen (70,45 amerikan dollary) diýip kesgitledi. Taryhy maksimum iň soňky gezek 13-nji aprelde täzelendi. Sişenbe güni Tokionyň söwda biržasynda altyn geleşikleriň bahasy takmynan 8,756 ýen (63,71 amerikan dollary) boldy. Şol bir wagtyň özünde Tokionyň biržasynda söwda ýapon eksport öndürijileri üçin bähbitli bolan, ýeniň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynda hümmetsizlenmeginiň çäginde, has ýokary görkezijileri açdy. Ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň 225-siniň paýnamalarynyň bahasynyň üýtgeýşini şöhlelendirýän NikkeiCto indeksi 29 181 punkta çenli galyp, 0,2% ösdi. Dollaryň hümmeti ýene gatnaşygynda 0,49% ýokarlandy we bir dollar 137,40-137,42 ýene deň boldy.