Toyota birnäçe modelde heläkçilik synaglarynyň (kraş test) netijelerini galplaşdyrandygyny boýun alýar we bu ýagdaý boýunça öz derňewini geçirer. Bu barada konserniň direktorlar geňeşiniň başlygy Akio Toýodanyň adyndan çap edilen resmi beýanatda aýdylýar. Howpsuzlyk synaglary bilen manipulýasiýa konserniň düzümine girýän Daihatsu-nyň işgärleri tarapyndan geçirildi. Daihatsu-nyň özi hem netijeleriň galplaşdyrylandygyny resmi taýdan boýun aldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, konserniň dört sany arzan modeliniň gapdal heläkçilik synagy wagtynda, gapdal howa ýassygy herekete gelende şikes howpuny azaltmak üçin synag ulaglarynda alternatiw gapy panelleri ulanyldy. Tapgyrlaýyn çykan ulaglarda bolsa beýle paneller ýok. Synagyň netijeleri Toyota Yaris Ativ, Toyota Agya, Perodua Axia we ady aýdylmadyk başga bir model üçin galplaşdyryldy. Olar bazara Daihatsu markasy bilen çykmady, ýöne bu kompaniýa awtoulaglary öndürmek we synagdan geçirmek bilen meşgullandy. Umuman alanyňda, resmi maglumatlara görä, konsern Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryna bu modelleriň 88 müňe golaýyny satmagy başarypdyr. Daihatsu synagyň netijeleriniň galplaşdyrylmagyna kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň dahylsyzdygyny aýtdy. Ol bu ýagdaý barada şu ýylyň aprel aýynda bir maglumatçydan bilýär, şondan soň deslapky derňew işine başlanýar we onuň dowamynda faktlar tassyklanýar. Potensial howply ulaglary satmak togtadyldy we gaýtadan heläkçilik synaglaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Akio Toýoda konserniň adyndan resmi ýagdaýda ötünç sorady we jikme-jik derňewiň netijeleriniň haýal etmän çap ediljekdigini aýtdy.