Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby argentinaly hüjümçi Lionel Messini Saud Arabystanyna gidenligi sebäpli oýunlardan iki hepdelik çetleşdirdi. Bu barada sişenbe güni Fransiýanyň RMC Sport radioýaýlymy habar berdi. Çeşmäniň habaryna görä, Messä türgenleşige gatnaşmaga hem rugsat berilmez, oýundan çetleşdirilen döwri üçin aýlyk tölenmez. Duşenbe güni Messi klubyň rugsady bolmazdan, PSŽ-dan çykyp, Saud Arabystanyna gitdi. Ol ýurduň syýahatçylyk boýunça ilçisi hasaplanýar. Argentinaly oýunçy Fransiýanyň çempionatynyň “Trua” (7-nji maý) we “Aýaçço” (13-nji maý) bilen boljak oýunlaryny sypdyrar. PSŽ 33 oýundan soň 75 utuk bilen Fransiýanyň ligasynyň sanawynda birinji orunda durýar.