Russiýaly grossmeýster Ýan Nepomnýaşiý Astanada geçirilýän dünýäniň küşt täji üçin oýnuň 14-nji tapgyrynda hytaýly Din Ližen bilen deňme-deň oýnady. Bu barada rsport.ria.ru habar berýär. Russiýalynyň gara mallar bilen oýnan tapgyry 90-njy göçümden soň tamamlandy. Gapma-garşylykda hasap 7-7 boldy. Düzgüne laýyklykda, oýnuň ýeňijisi 30-njy aprelde aşgabat wagty bilen 14:00-da geçiriljek taý-breýkde kesgitlener. Nepomnýaşiý 2022-nji ýylda dalaşgärleriň ýaryşynda ýeňiş gazanandan soň küşt täjine dalaşgär boldy. Häzirki dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlseniň tituly goramakdan ýüz öwrendigi üçin, russiýalynyň garşydaşy dalaşgärleriň ýaryşynda ikinji orny eýelän Din Ližen boldy.