Saçyň düşmeginiň sebäpleri, adatça, dürli ýetmezçilikli ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, belogyň, galkan görnüşli mäziň ýa-da demriň ýetmezçilik etmegi saçyň düşmegine getirip biler. Bu barada gazeta.ru bilen söhbetdeşlikde lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, nutrisiolog Ýelena Kurowa gürrüň berdi. “Ýokanç keseller hem saçyň dökülmegine sebäp bolup biler. Olaryň arasynda alopesiýa, trihofitiýa, mikrosporiýa bar. Şonuň üçin meseläni çözmek üçin ilki bilen sebäbini anyklamaly, şoňa görä-de lukman diagnoz goýup, zerur bejergini bellär” – diýip, hünärmen belleýär. Onuň aýtmagyna görä, eger saglyk bilen bagly aç-açan näsazlyk ýok bolsa, lukman bilen maslahatlaşmadan soň witaminleri kabul etmek bolar. Olardan iň täsirlisi biotindir. Şeýle-de, B topar witaminlerini, sinki, demri, seleni düzüminde saklaýan islendik beýleki kompleksler hem kömek eder. “Şeýle-de, rasionda şekeriň we Omega-6 kislotalarynyň mukdaryny azaltmak, şol bir wagtyň özünde peýdaly Omega-3 ýaglarynyň düzümini ýokarlandyrmak bilen iýmitlenişi-de kadalaşdyrmak möhümdir. Aýallara ganyň düzümindäki demriň derejesine gözegçilik etmek gerek. Şunuň bilen birlikde, kelle derisiniň mikrosirkulýasiýasyny gowulandyrmaga gönükdirilen idegi saýlamaly. Ganyň kelle derisine akymyny güýçlendirýän islendik usullar laýyk bolar: massažlar, gyzyl burçly losýonlar” – diýip, Ýelena Kurowa maslahat berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir