Microsoft kompaniýasy Windows 10 operasion sistemasy üçin uly täzelenmeleri işläp düzmegi bes edýär. Bu barada kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanyp, TASS habar berýär. “Häzirki wersiýa, 22H2, Windows 10-uň ahyrky wersiýasy bolar” – diýlip, kompaniýada görkezilýär. Şeýle-de bolsa, Microsoft sistemanyň tehniki goldawyny 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryna çenli dowam etdirer. Ýanwar aýynda Microsoft Windows 8.1 operasion sistemasyny goldamagy doly bes etdi. Windows 10 2015-nji ýylda hödürlendi, bu sistemanyň iň soňky uly täzelenmesi geçen ýylyň oktýabr aýynda boldy. 2021-nji ýylda Microsoft onuň ýerine Windows 11 operasion sistemasyny çykardy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir