Meta Platforms kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri Mark Sukerbergiň baýlygy 27-nji aprelde 10 mlrd dollar artyp, 87,3 mlrd dollara ýetdi diýip, Bloomberg hasaplaýar. Bu taryhda Sukerbergiň kapitalynyň ululygy boýunça üçünji bir günlük ösüşi boldy, işewür Bloomberg-iň milliarderler reýtinginde 12-nji orna geçdi diýip, quote.ru habar berýär. Sukerbergiň kapitaly 2023-nji ýylyň birinji çärýegi üçin hasabatdan soň Meta-nyň paýnamalaryndaky çekeleşik sebäpli ýokarlandy. Kompaniýanyň girdejisi 3%, 28,65 mlrd dollara çenli ýokarlandy, geçen üç çärýekde bu görkeziji peselipdi. Arassa girdeji 24%, 5,71 mlrd dollara ýa-da paý üçin 2,2 dollara çenli pese gaçsa-da, çaklamalardan ýokary boldy. Facebook sosial ulgamynyň gündelik işjeň ulanyjylarynyň sany birinji çärýekde 2,04 milliarda, aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany 2,99 milliarda ýetdi. StreetAccount tarapyndan sorag edilen analitikler bu görkezijileriň 2,01 mlrd we 2,99 mlrd derejesinde bolmagyny çaklapdylar. Umuman, kompaniýa boýunça gündelik işjeň ulanyjylaryň sany 3,02 milliarda, aýlyk işjeň ulanyjylaryň sany 3,81 milliarda ýetdi. Ikinji çärýekde IT ägirdi girdejiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny we onuň 29,5 mlrd dollardan 32 mlrd dollar aralygynda bolmagyny çaklaýar. Analitikleriň çaklamasy – 29,5 mlrd dollar. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 98% ýokarlandy. Paýnamalara bolan isleg Sukerberg 2023-nji ýylyň kompaniýa üçin “netijelilik ýyly” boljakdygyny aýdandan soň güýçlendi.